Monopoly GO mobil oýny her günde 5 million dollar gazanýar

Monopoly GO mobil oýny her günde 5 million dollar gazanýar

Stoluň üstünde oýnalýan nusgawy Monopoly oýunlaryna esaslanýan meşhur Monopoly GO mobil oýny häzirki wagtda döredijilerine her günde 5 million dollar girdeji getirýär diýip, igromania.ru saýty habar berýär.

AppMagic analitika kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda bu oýun öz girdejisini dört esse artdyrdy we onuň gündelik girdejisi ortaça 4 million dollar töweregi möçbere deň boldy.

Monopoly GO oýnunyň döredileninden bäri bir ýylda gazanan umumy girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu bolsa oýnuň ägirt uly meşhurlygy sebäpli mümkin boldy: oýun diňe Google Play internet dükanyndan 50 milliondan gowrak gezek ýüklenip alyndy.

Girdejisi boýunça Monopoly GO mobil oýunlar bazarynyň PUBG Mobile, Genshin Impact, Kings of Honor, Roblox hem-de Candy Crush Saga ýaly oýunlaryndan öňe saýlanmagy başardy. Şeýle-de bolsa, oýunçylar oýnuň içindäki mazmuny satyn almazdan, ösüşiň gaty haýal bolýandygyny belleýärler. Şeýle hem, olar dürli oýun wakalaryna garaşmak üçin köp wagtyň sarp edilmegini halamaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Mobil oýunlarda “Subway Surfers” hemişe öňde
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Wulwerhempton kapitanyny Ewertona berdi
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy