Oliweýra Porýe bilen söweşiniň dekabrda boljakdygyny habar berdi

Oliweýra Porýe bilen söweşiniň dekabrda boljakdygyny habar berdi

Ýeňil agramda UFC-niň häzirki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra amerikaly Dastin Porýe garşy söweşiniň guramanyň şu ýylky jemleýji sanly çäresiniň çäginde geçiriljekdigini aýtdy.

Amerikan promouşeniniň senenamasy boýunça, guramanyň şu ýylky jemleýji çäresi UFC 269 bolar, ýöne ol heniz resmi taýdan anons edilmedi.Oliweýra şu ýylyň maý aýynda geçirilen UFC 262 turniriniň çäginde amerikaly Maýkl Çendleri ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyna eýe boldy.

Porýe soňky gezek Las-Wegasda 11-nji iýula geçilen gijede iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony irlandiýaly Konor Makgregor bilen söweşdi.Bu söweşde birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş Konor Makgregor aýagyny döwdürenden soň, Dastin Porýe berildi.

Bu Makgregor bilen Porýeniň arasynda üçünji söweş boldy.Konoryň hasabynda 22 ýeňiş we alty ýeňliş bar.Dastiniň hasabynda 28 ýeňiş bilen alty ýeňliş bar, bir söweş hem geçirilmedik diýlip kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi