Bir kluby aşaky liga düşdi, bir kluby ýokary liga çykdy

Italiýanyň çempionaty Serie A-da aşaky liga düşen ilkinji topar belli boldy. 34-nji tapgyrda myhmançylykda Udinezeden 2-0 (Pereýra 9, Messina 34) asgyn gelen Sampdoriýa topary aşaky liga (Serie B) düşdi. 34 oýunda 17 utuk toplan Deýan Stankowiçiň şägirtleriniň ligada saklanmak mümkinçiligi hiç hili galmady.

Topar 2012/13 möwsüminden bäri Serie A-da çykyş edip gelýärdi. Ýeri gelende aýtsak, geçen möwsümde-de Genue şäheriniň başga bir kluby Jenoa aşaky liga düşüpdi.Jenoa topary 1 ýyllyk arakesmeden soň ýene-de täzeden Serie A dolandy.

Serie B-da Frosinoneden soň 2-nji ýeri eýelän Jenoa kluby geljek möwsümde Serie A-da çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Italýan klublarynyň täze transferleri
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
Sport gysga habarlar
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi