Bir ýylda 200 milliard ýitirdi

“Tesla” hem-de “SpaceX” kompaniýalaryna eýeçilik edýän Ilon Mask geçen ýyl rekord derejede pul ýitirdi.Dünýäniň iň gurply adamy bolan Maskyň 2021-nji ýylda 340 milliard dollar bolan baýlygy 137 milliard dollara çenli azaldy. Şeýlelikde, Mask 200 milliard dollar ýitiren ilkinji adam boldy.

Häzirki wagtda “Bloomberg”-iň milliarderler indeksine görä, işewüriň 137 milliard dollarlyk baýlygy bolup, fransiýaly Bernar Arnodan soňra ikinji orunda durýar.Maskyň 2021-nji ýylyň noýabryndaky baýlygy 340 milliard dollardy.

Onuň baýlygynyň azalmagynda, esasan, “Tesla”-nyň paýnamalarynyň bahasynyň düşmeginiň täsiri uly boldy.Geçen ýyl elektroulag brendiniň paýnamalary 65 göterim arzanlady.

Ýene degişli makalalar

Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tramp wezipelere belledi
“Time” žurnaly “emeli aň arhitektorlaryny” ýylyň adamy diýip atlandyrdy
Baýlygy 600 milliarddan geçdi
Maskyň baýlygy 700 milliard dollardan geçdi
Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär