Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen üçtaraplaýyn sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen üçtaraplaýyn sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat

2020-nji ýylyň 27-28-nji oktýabr aýy aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sekretariýatynyň gurnamagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň çäklerinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugruny täjirçilik maksatlary üçin ulanmak meselesine seredildi.

Duşuşygyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň wekili jenap Sandip Janyň taýýarlamagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugry barasynda täjirçilik maksatlaryna gönükdirilen tanyşdyrylyş görkezildi.

Ondan soňra üç döwletiň demir ýol edarasynyň wekilleri tarapyndan gol çekilmegi meýilleşdirilýän täjirçilik maksatlaryna niýetlenen üçtaraplaýyn Ähtnamanyň taslamasyna seretdi. Ähtnamanyň taslamasynyň esasynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugry boýunça ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üç döwletiň arasynda işçi toparynyň döredilmegi barada teklip edildi.

Duşuşyga gatnaşyjy taraplar Ähtnamanyň taslamasyna ýakyn geljekde gol çekiljekdigine umyt bagladylar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk
“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda maslahat
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza döwletleriniň ulag ministrleriniň geňeşiniň online arkaly 11-nji mejlisi geçirildi
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar