Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda maslahat

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda maslahat

2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol edaralarynyň arasynda üçtaraplaýyn wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Iri maliýе düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Bu ugurda halkara ulag-üstaşyr düzümini döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle taslamalaryň biri bolan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasyny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere seretmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri ulag-üstaşyr ugrunyň möhüm ähmiýetini belläp, Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň nyrh syýasatyna seretmekligi teklip berdi.

Ulag-üstaşyr hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak we halkara ýükleriň daşalşyny artdyrmak maksady bilen Gazagystan Respublikasy tarapyndan maslahata gatnaşyjylar Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesinde nyrhlary peseltmegiň zerurdygyny belledi.Bu babatda “Türkmendemirýollary” agentligiň wekilleri ykdysady we durmuş taýdan ösmegiň möhüm şerti bolan ulag ulgamynda ýük gatnawyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler barasynda belläp, nyrh syýasatyny ýakyn geljekde degişli döwletleriň arasynda ara alnyp maslahatlaşylsa talaba laýyk boljakdygyny belledi.

Maslahatyň ahyrynda taraplar ylalaşylmaly nyrh syýasatynyň halkara ulag ulgamynda ýükleriň we harytlaryň daşalşynyň artmagyna we söwda dolanşygynyň giňelmegine itergi berjekdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk
“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza döwletleriniň ulag ministrleriniň geňeşiniň online arkaly 11-nji mejlisi geçirildi
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen üçtaraplaýyn sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat
Türkmenistan ― Gyrgyzystan woleýbol duşuşygy KTRK Sport teleýaýlymda göni ýaýlymda görkeziler