Birža söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Irlandiýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, aşgarlanmadyk we jins matasy, nah ýüplük, regenerirlenen pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 492 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 22 million 514 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, aşgarlanmadyk matany satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy