Birža söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, nah mata we ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 799 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli telekeçiler bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 89 million 798 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), el halylaryny, panbarhat we nah matalary, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy