Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryndan geçdi

Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryndan geçdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdäniň dowamynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Özbegistanyň, Gruziýanyň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny hem-de dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Pakistanyň telekeçilerine ýüpek çig maly, aşgarlanmadyk we jins matalary, nah ýüplük, arassalanan nah ýüplügiň galyndylary, buýan köki ýerlenildi.

Türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 290 million 591 müň manatlykdan gowrak bolan Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk däneli hlor kalisini, şeýle hem el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, çig ýagly kislotany hem-de pagta galyndylaryny satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 114 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar