Birža söwdalarynda türkmen nebithimiya önümleri şertnamalaryň esasyny düzdi

Birža söwdalarynda türkmen nebithimiya önümleri şertnamalaryň esasyny düzdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 322 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine float aýnasy ýerlenildi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 122 müň 850 ABŞ dollaryna deň bolan portland sementi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirdiler
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Birža söwdalary
Birža söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy