Bişkekde Tokaý pudagynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar

Bişkekde Tokaý pudagynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar

Bişkekde tokaý hojalygyny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylýar. Gyrgyz paýtagtynda Tokaý pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa guramasynyň 10-njy ýygnagy geçýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Oňa 14 ýurduň wekilleri gatnaşýarlar. Esasy meseleleriň biri agaçlaryň tohumlaryny saklamak üçin häzirkizaman saklawhana gurmak we fermerleri okatmak. Munuň üçin ýörite maksatnama işlenip düzülýär hem-de halkara maliýe edaralarynyň birinden tokaýlary giňeltmek üçin maliýe kömegini söz berýärler.

Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministriniň birinji orunbasary Azamat Mambetow gürrüň berdi.

Maksatnama laýyklykda, öňdäki 30 ýylda 600 gektar ýerde tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ylgamakda rekord goýdy
TFF Ýewropanyň hem-de Aziýanyň türki dilli ýurtlarynyň futbol assosiasiýalarynyň maslahatyna gatnaşdy
Türkmen talyplary 31 sany altyn medal gazandylar
Türkmenistanly talyplaryň 126-sy Açyk halkara internet olimpiadasynda öňdäki orunlary eýeledi