Biwol çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady

Biwol çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Ettihad Arena stadionynda uly boks agşamy geçirildi.Boks agşamynyň esasy tutluşygynda ýarym agyr agramda WBA çempionlyk guşagynyň eýesi russiýaly Dmitriý Biwol meksikaly Hilberto Ramirese garşy ringe çykdy. Çempionlyk tutluşygy doly 12 raund dowam edip, eminleriň biragyzdan gelen netijelerine görä, Biwol ýeňiji diýlip yglan edildi. Şunlukda, russiýaly boksçy bassyr dördünji söweşde özüne degişli çempionlyk guşagyny üstünlikli goramagy başardy.

Umumylykda alnanda bolsa, bu üstünlik Biwol üçin karýerasyndaky 21-nji tutluşykda gazanylan 21-nji ýeňişdir.Biwol şol söweşleriň 11-sinde garşydaşyny nokaut etmek arkaly wagtyndan öň ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Eýranyň ýygyndysy soňky minutlarda ýeňşini baýram etdi
2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-a girmeginiň ýubileý senesi bilen baglanyşykly dabaralar geçiriler
Türkmenistanyň şäherlerinde we etraplarynda 12 häkimlik ýatyryldy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlandy, Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň Fransiýa sapary
BMG: "Owganystan azyk howpsuzlygyna sezewar" diýdi