BIZ ERTEKILERDE MYHMANÇYLYKDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Biz ertekilerde myhmançylykda ady bilen 74-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi.Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileri geljekki nesillerimizi aň we zehin taýdan terbiýelemekde, ruhy we edebi mirasymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýe bolup, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okaldy. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada gürrüň berildi.

Geçirilen çeper okaýyşyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

GÜNDOGAR WE GÜNBATAR MEDENI ADATLARYNYŇ TARYHY-GENETIKI ARABAGLANYŞYGY
GELJEGE UZAÝAN NURANA ÝOLLAR
Şekillere siňen bedewler
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!