Bloomberg: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy

Bloomberg: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy

Amerikanyň enjam we programma üpjünçiligini öndürýän IBM kompaniýasy işgärleriniň 3,9 müňüsini işden boşatmakçy bolýar diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan TASS habar berdi.

Habarda işgärleriň kemeldilmeginiň kompaniýanyň ähli işgärleriniň 1,5 göterimine galtaşjakdygy aýdylýar, bu tutum IBM üçin 300 million dollara düşer.

ABŞ-nyň Işewürlik ykdysadyýeti milli assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda amerikan kompaniýalarynyň 20 göterime golaýy ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda işgärleriniň sanyny kemeltmekçi bolýar. Mysal üçin, Goldman Sachs banky eýýäm 3,2 müň işgärini azaltmaga girişdi.

Öň işgärlerini azaltmak barada Microsoft korporasiýasy (maksatnamada 11 müň adama çenli) hem-de Google gözleg ulgamynyň eýesi bolan Alphabet holdingi (12 müň adam) habar beripdi. Bu barada Belta.by belarus saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Apple iň innowasion kompaniýalaryň sanawynyň öňüni çekýär
Samsung dünýädäki iň gowy iş beriji boldy
IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy
Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk