BMG: 2021-nji ýyl iň yssy ýedi ýylyň biri bolup biler

BMG: 2021-nji ýyl iň yssy ýedi ýylyň biri bolup biler

Soňky ýedi ýyl meteorologiki gözegçilikleriň taryhynda iň yssy ýyllar bolup biler. 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda dünýädäki temperatura 1850-1900-njy ýyllardaky ortaça temperaturadan 1,09 dereje ýokary boldy. Bu barada dw.com habar berdi.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) habaryna görä, 2015-2021-nji ýyllaryň aralygy klimat gözegçilikleriniň taryhynda iň yssy ýyllar bolup biler.Bug gazlarynyň zyňyndylarynyň netijesinde emele gelen global ýylylyk "häzirki we geljekki nesiller üçin uzak möhletli" howp döredýär diýlip, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň BMG-niň klimat boýunça boýunça 26-njy konferensiýasy (COP26) üçin ýaýradylan howanyň ýagdaýy baradaky deslapky hasabatynda aýdylýar.

Planeta ozal görülmedik çäge aralaşýar diýip, resminamanyň awtorlary duýduryş berýärler.

BMG ýylyň ilkinji dokuz aýyndaky maglumatlara esaslanyp, 2021-nji ýylyň iň yssy ýyllaryň içinde bäşinji, altynjy ýa-da ýedinji ýyl bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdi. Şu ýyl öňki ýyllara garanyňda birneme sowuk boldy, bu bolsa ýylyň başynda howanyň temperaturasynyň peselmegine sebäp bolan La-Ninýa tebigy hadysasynyň täsiri bilen hem düşündirilýär.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylda hökman baryp görmeli 25 ýer
Ýeriň ýagtylyk çeşmesi
Bir ädimde beýleki ýarym şara geç!
Samsung daşky gurşawy goramak boýunça maksatnama alyp barýar
Angliýada Ýene-de 2 Energiýa Firmasy Bankrod Boldy
New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy