BMG Agza Ýurtlary Ýardam Kampaniýasyna Goşant Goşmaga Çagyrdy

BMG Agza Ýurtlary Ýardam Kampaniýasyna Goşant Goşmaga Çagyrdy

BMG-niň Baş sekretarynyň Metbugat sekretary Stepan Dužarrij günlük metbugat brifinginde beren beýanatynda düýn Hataý welaýatynyň Defne etrabynda bolan 6,4 ball ululygyndaky ýer titreme hakynda durup geçip, onuň sebitdäki howpuň uludygyny görkezýändigini aýtdy.

Dužarrij; “Siriýa we Türkiýä berilýän kömeklerden hoşaldygymyzy aýtmak kyn. Sebäbi gyssagly hereket edilmeli we gerek bolan pul serşdesiniň mukdary ýokary” diýdi.

Goşant goşan ýurtlara sagbolsun aýdan Dužarrij, adamlaryň janynyň howp astyndadygyny, şol sebäpli kömekleriň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny beýan etdi.

Dužarrij BMG-niň ýerlerdäki gullukçylarynyň sanynyň artdyrylandygyny, olaryň esasan utgaşdyryjy pozisiýa eýeleýändigini aýtdy.

BMG 14-nji fewralda Siriýada ýer titremelerden ejir çekenler üçin 397,6 million dollarlyk ynsanperwer kömek çağyryşyny edipdi. BMG şol bir wagtda-da Siriýa 9-16-njy fewral aralyğynda 143 ynsanperwer kömek konteýnerinin Babulhawa we Babussalam gümrüm geçelgelerinden girendigini habar beripdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 16-njy fewralda bolsa “Şu gün BMG asyryň iň uly ýer titremesinden ejir çeken türk halky üçin 1 milliard dollarlyk ynsanperwer kömek çağyryşyny başladýar” diýipdi.

Ýene degişli makalalar

Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary
Italiýada ýaramaz howa şertleri sebäpli duýduryş berildi
HZG Türkmenistan boýunça synyna başlan mahaly, garaşsyz hukuk toparlary täze hasabat ýaýratdy
“Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar
Kommunikasiýalar edarasy "Asyryň raýdaşlygy" kampaniýasyny başlatdy