15 agzaly Geňeşde geçirilen sese goýulşykda ABŞ-nyň hödürlän karar taslamasy 14 ses bilen kabul edildi. Russiýa karara ses bermekden saklandy.
Kararda Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri gyrgynçylyk edýan Gaza şäherinde meseläniň çözülmegi üçin Müsür, ABŞ we Katar tarapyndan alynyp barylýan diplomatik tagallalara üns çekilip, 31-nji maýda Baýdeniň hödürlän 3 tapgyrly teklibe kanagatlanma bildirildi.
Kararda, Ysraýylyň Baýdeniň teklibini kabul edendigi nygtalyp, Hamasa hem teklibi kabul etmegi üçin çagyryş berildi.
Kararda, şeýlelikde 3 tapgyrly teklibe laýyklykda; 1-nji tapgyrda dessine hüjümleriň bes edilmegi, zenan, ýaşuly we ýaraly ýesirleriň boşadylmagy, palestinaly ýesirleriň çalşylmagy, Ysraýylyň harby güýçleriniň Gazadaky ilatly ýerlerden çekilmegi, sebite ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy, başlangyç üpjünçilikleriň gaýtadan dikeldilmegi, palestinaly asuda ilatyň Gazanyň demirgazygy bilen bilelikde sektordaky öýlerine dolanyp barmagynyň we halkara jemgyýetçiliginiň degişli ýaşaýyş jaý goldawyny bermeginiň ýola goýuljakdygy beýan edilýar.
Taraplaryň ylalaşmagyndan soň ikinji tapgyrda çökgünligiň dessine bes edilmegi üçin galan ýesirleriň ählisiniň boşadylmagyny talap edýän kararda, Ysraýylyň Gazadan dolulygyna çekilmegi isleýär.
Kararda üçünji tapgyrda; Gaza üçin birnäçe ýyl dowam etjek gaýtadan dikeldiş meýilnamasynyň başladyljakdygy beýan edilip, ölen ýesirleriň jesetleriniň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.
Birinji tapgyr üçin gepleşikler 6 hepdeden köp dowam eden halatynda hüjümler, gepleşikler gutarýança dowam eder. Kararda taraplaryň ylalaşygyň hökümlerini berjaý etmeginiň möhümdigi nygtalyp, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we BMG-niň agzalaryndan goldaw soralýar.
