BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenportal DÖM-na ýetmeklige gönükdirilen hyzmatdaşlygy uzaltdylar

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenportal DÖM-na ýetmeklige gönükdirilen hyzmatdaşlygy uzaltdylar

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen ýurdumyzyň iri hususy habar beriş serişdesi bolan Türkmenportal Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-2026-njy ýyllar üçin Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany uzaltmak barada resminama gol çekdiler.

Gol çekmek dabarasy Aşgabatda BMG-niň binasynda geçirildi.

Mundan ozalky hyzmatdaşlygyň üstünliklerine esaslanyp, täzelenen şertnama milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini has-da güýçlendirmäge, ösüşiň esasy ugurlarynda jemgyýetiň habarlylygyny, bilimini we işjeňligini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki tejribäni, serişdeleri we ulgamlary ulanmaga gönükdirilendir.

Narine Saakýan, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili şeýle belledi:

Türkmenportal bilen täzelenen hyzmatdaşlyk DÖM-leri öňe ilerletmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ornuny nygtaýar. Biz bilelikde adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, ösüş meseleleriniň esasy ýüzlenmelerini güýçlendirmäge we durnukly geljek üçin bilelikdäki herekete ruhlandyrmaga çalyşýarys.

Hyzmatdaşlyk ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, döredijilikli ykdysadyýeti ösdürmek, sanly özgertmeler, gender deňligi, howanyň üýtgemegi, betbagtçylyk töwekgelçilikleriniň peseldilmegi we tebigy serişdeleriň durnukly dolandyrylyşy ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň milli ösüş gün tertibini öňe sürmäge gönükdiriler.

Döredijilikli başlangyçlary we innowasiýalary ösdürmäge ýardam bermek bilen, hyzmatdaşlyk ykdysady ösüşi höweslendirmek we tutuş Türkmenistan boýunça jemgyýetçiligiň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin sanly habar beriş serişdeleri we beýleki döredijilikli pudaklardaky täze mümkinçilikleri ulanmaga gönükdirilendir.

Guwanç Nurmyradow, Türkmenportalyň Baş direktory şeýle nygtady:

BMGÖM-sy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ösüş maksatlaryny goldamakda Türkmenportal üçin möhüm ädimdir. Bu hyzmatdaşlyk biziň platformamyzy jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak, işjeňligini artdyrmak we ýurdumyzyň ösüşine ýardam bermek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.

Ähtnamanyň çäklerinde taraplar şeýle hem aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň sanly tehnologiýalara gatnaşmagyny öňe sürmäge we sanly eýýamyň artykmaçlyklaryna hem zenanlar, şeýle-de erkekler üçin deň derejede elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, ilatyň sanly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga has-da artykmaç ähmiýet bererler.

Ýene degişli makalalar

Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar
Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy
Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?