BMG-nyň Baş sekretary gyssagly ynsanperwer ýaraşygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi

BMG-nyň Baş sekretary gyssagly ynsanperwer ýaraşygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde saparda bolýan BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sosial media hasabyndan beýannama berdi.

Antoniu Guterriş Ýakyn Gündogarda bütin sebitiň ykbalynyň we adamlaryň durmuşlarynyň howp astyndadygy barada duýduryş berdi.

Antoniu Guterriş: "Ýakyn Gündogarda adamlaryň elhenç azaplaryny azaltmak üçin gyssagly ynsanperwer ýaraşyk ýola goýulmalydyr" diýip nygtady.

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Guterriş: “Umumyadamzat Ejir Çekýär”
BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler
Guterriş halkara guramalary özgertmäge çagyrdy
Gebreýesus UNRWA Berilen Kömegiň Bes Edilmezligi Üçin Çagyryş Etdi