BMG, Sudanda Türk Ilçisine Guralan Hüjümi Ýazgardy

BMG, Sudanda Türk Ilçisine Guralan Hüjümi Ýazgardy

BMG, Türkiýäniň Sudandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Çobanoglunyň diplomatik ulagyna guralan hüjümi ýazgardy.

Diplomatik ulag kerweniniň nyşana alynmagy meselesinde beýannama beren BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Farhan Hag, “Hepdäniň ahyrynda türk diplomatlaryny alyp barýan ulag kerwenine guralan hüjümi ýazýargarys” diýdi.

Hag, hüjüm hakynda giňişleýin derňew işiniň gozgalmalydygyny aýtdy.

Sudanda, Türkiýäniň Hartumdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Çobanoglunyň diplomatik ulagyna ilçihananyň golaýynda od açylypdy.

Sudanyn harby goşuny bilen HDK güýçleri ilçi Çobanoglunyň diplomatik ulagyna guralan hüjüm meselesinde biri-birini günäkärledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ilçi Ismail Çobanoglunyň diplomatik ulagyna guralan hüjüm hakynda beren beýannamasynda “Wakada ýaralanan bolmady” diýipdi.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi mälim edildi
Mançester Ýunaýted Erik ten Hag bilen şertnama gol çekişdi
Ýyldyz futbolçylar bir-birden klublaryny terk edýärler
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!
“Mançester Ýunaýtediň” 67 million ýewrolyk täze goragçysy
3 günde 3 futbolçy transfer etdi