BMG, Yrakda Guralan Hüjümi Ýazgardy

BMG, Yrakda Guralan Hüjümi Ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, Yragyň Duhok welaýatynyň Zaho etrabynda guralan, asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden berlen ýazmaça beýannamada, “Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary, 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Yragyň Duhok welaýatynda guralan hüjümi berk ýazgardy. Hüjümde çagalar bilen birlikde asuda ilatdan 9 adam ýogalypdy” diýildi.

Beýannamada “Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, yragyň hökümetine we Yragyň Kürt Awtonomiýasyna uly gynanç bildirýär, hüjümde ýaralananlara gyssagly şypa dileýär” diýildi.

Beýannamada, “Howpsyzlyk geňeşina agza ähli döwletler terrora garşy göreşde Yragyň hökümetine, Yragyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna, jebisligine we bitewiligine goldaw berýär”diýildi.

Yragyň Duhok welaýatynyň Zaho etrabynda 20-nji iýulda guralan hüjümde 9 adam ýogalypdy, köp sanly adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder
Terrora garşy göreş PKK-KDP çaknyşygy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak saparyny dowam etdirýär
Eýran özüniň demirgazyk-günbatar serhedine harby güýç ornaşdyrýar
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar