Bodrum Galasy

Bodrum Galasy

Bodrum galasynyň 600 ýyldan bäri abat we henizem ulanylýandygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň günorta Egeý sebitinde ýerleşýän we esasy dynç merkezlerinden biri bolan Bodrum, taryh boýy esasy port şäheri boldy. Şäheriň esasy simwollaryndan biri hem Bodrum galasydyr.

Üç tarapy deňiz bilen gurşalan Bodrum galasynyň ýerleşýäň ýeri, gadymy döwürlerde ada bolup, gury ýere birikridilenden soň ýarym ada öwrülipdir.Bodrum galasy, 1406-1522-nji ýyllaryň aralygynda Saint Jeanyň rysarlary tarapyndan gaýalyk ýarym adada, iki portuň arasynda gurlupdyr.

Dörtburçlyk planly galanyň gurluşygynda dünýäniň ýedi gudratyndan biri bolan we wagtyň geçmegi bilen ýer titreme sebäpli ýykylan Mausoleionyň daşlary hem peýdalanylypdyr.Galanyň bäş minarasyndan iň uzyny 47,5 metr belentligi bolan Fransuz minarasy.

1960-njy ýylda abatlanan gala, sebitde deňizden çykarylan galyndylaryň sergilenýän Bodrum suwasty arheologiýa muzeýine öwrülýär.Muzeý, diňe Türkiýäniň däl, eýsem dünýäniň belli muzeýlerinden biri.Sebäbi dünýäniň iň gadymy suwasty galyndysy bolan, mundan 3,300 ýyl ozal, ýagny irki bürünç döwrüne degişli Likiýanyň söwda gämisi “Uluburun batagy” şu muzeýde sergilenýär. Şol bir wagtda-da, bir wagtlar deňiz suwy doldurylan hendeklerden biri häzirki wagtda festiwal meýdany hökmünde peýdalanylýar.

Üstüne gurlan gadymy binalaryň galyndylaryny, 15-nji asyr Ýewropasynyň monumental-çeper binagärlik usulynda gurlan Rodos rysarlary döwründen galan binalary we Osman döwründe gurlan binalary özünde jemleýän Bodrum galasy, esasy ýadygärliklerden biri hökmünde ÝUNESKO-nuň Miras sanawynyň wagtlaýyn düzüminde durýar.

Ýene degişli makalalar

“Star Legend” Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Azamara Journey" atly kruiz gämisi Bodrum etrabyna geldi
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi
Bodruma 2 kruiz gämi bilen 2 müň 217 ýolagçy geldi
Türk mediasyna syn