BOLT bürünç medal bilen tamamlady

Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda dowam edýän 16-njy ýeňil atletika Dünýä çempionatynda garaşylmadyk türgenler çempionlyk gazanýar.Geçen hepdäniň anna güni bat alan çempionatda birnäçe ugurdan medallar gowşuryldy.

Iň soňky sapar Dünýä çempionatyna gatnaşýandygyny habar beren Usain Bolt 100 metr ylgawda 12 ýyldan soň, yza galdy.Golaýda 31 ýaşyny doldurjak Bolt Olimpiadanyň we Dünýäniň çempiony ameriklay Jastin Gatlinden hem-de onuň watandaşy Kristian Koulmenden soň, 3-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, 2008-nji ýyldan soň, ilkinji gezek Usain Bolt 100 metr ylgamakda garşydaşlaryndan yza galdy.

Ol 2011-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda gyzyl petek alyp, final tapgyryna gatnaşyp bilmändi. 100 metre ylgamakda zenanlaryň arasynda-da amerikalylar ýamaýkalylardan öňe saýlandy.Tori Bowi 10,85 sekuntda pellehanadan geçip, altyn medalyň eýesi boldy.

Mahlasy, 12 ýyldan soň, 100 metr ylgawda hem erkekleriň, hem-de zenanlaryň arasynda ABŞ-ly türgenler Ýamaýkanyň ylgaýjylaryny yzda galdyrmagy başardy.Usain Bolt ýaly bu çempionatdan soň, karýerasyny tamamlajak Mo Farah 10000 metre ylagamakda altyn medala mynasyp boldy.

Ol 2011-nji ýyldan bäri gatnaşan ähli iri ýaryşlarynda 1-nji ýeri eýeläp gelýär.Bu onuň Dünýä çempionatlaryndaky 6-njy altyn medalydyr. 400 metrde Günorta afrikaly Olimpiýa çempiony, rekordyň eýesi Waýde wan Nikerik ýene-de ýeňiş gazandy.

Marafonda keniýaly Jeoffreý Kirui garşydaşlaryndan öňürti pellehanadan geçmegi başardy.Zenanlaryň arasynda marafonda bahreýnli Rouz Çelimo 1-nji orna mynasyp boldy. 10000 metrde efiopiýaly Almaz Aýana Olimpiýa oýunlaryndan soň, Dünýä çempionatynda-da ýeňiş gazandy.

Syrykly bökmekde gresiýaly Ekaterini Stefanidi hem Olimpiadadan soň, bu ýerde-de altyn medaly boýnuna dakdy. Üçürdikläp bökmekde wenesuelaly Ýulimar Rohas ýeňiş gazanan bolsa, gazagystanly Olga Rypakowa Olimpiýa oýunlaryndan soň, Londonda-da bürünç medaly eýeledi.Medallaryň sanawynda (10-njy awgusta çenli) ABŞ-ly ýeňil atletikaçylar 4, keniýalylar 3, Günorta afrikalylar 2 altyn medal gazandy.

Amerikanlaryň 5 kümüş, 6 bürünç medaly-da bar.Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda şu günem, ertirem medallar gowşurylar. Çempionat ertir agşamky ýaryşlardan soň tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
USAID Türkmenistandan pomidor we gawun eksportyny ösdürmäge ýardam berýär
Ylgamakda rekord goýdy
Türkmen wekiliýeti C5+1 formatynda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy
AGB we USAID gymmatly kagyzlary çykarmakda hususy kompaniýalara goldaw berýärler
Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar