Hatda kinoteatrlarda ekrana çykman, Borat komediýasynyň dowamy iň uzyn ady bolan Oskar baýragyna dalaşgär hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Bu barada kinobusiness.com habar berýär.
Onuň 110 harpdan ybarat bolan doly asyl ady şeýledir: Borat Subsequent Moviefilm: Delivery of Prodigious Bribe to American Regime for Make Benefit Once Glorious Nation of Kazakhstan.Muny Borat hakynda indiki film: Gazagystanyň şöhratly halkyndan peýda almak üçin amerikan režimine uly para bermek görnüşinde terjime etmek bolar.
Komediýa lentasy iň gowy adaptirlenen ssenariýa we ikinji plandaky iň gowy aktrisa (Mariýa Bakalowa) üçin Oskara iki nominasiýa aldy. Şeýlelik bilen, komediýa oskar ýaryşynyň taryhynda iň uzyn ady bolan film hökmünde dünýä rekordyny goýdy. 85 harply ady bilen ozalky rekord eýesi 1965-nji ýylyň Those Magnificent Men in Their Flying Machines or How I Flew from London to Paris in 25 hours 11 minutes (Bu ajaýyp adamlar özleriniň uçýan enjamlarynda ýa-da 25 sagat 11 minutda Londondan Pariže nähili uçdum) komediýasy bolupdy.
Bu kartina iň gowy ssenariýa üçin Oskara hödürlenipdi.Ol Howa başdan geçirmeleri ady bilen bellidir.
