
Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borrel Wagner toparynyň gozgalaňynyň öňünde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň güýjüni ýitirmegi halatynda Ýewropa üçin has uly howp emele getirjekdigini mälim etdi.
Jozep Borrel Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ÝB Liderler sammitiniň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.
Ýörite howpsuzlyk kärhanasy Wagner toparynyň rus hökümetine garşy geçen hepdäniň şenbe güni amala aşyran gozgalaňynyň üstünde durup geçen Borrel: "Putin gowşasa has uly howp emele geler. Şol sebäpli bu wakanyň netijesine has gowy göz ýetirmelidiris" diýip nygtady.
Borrel: "Şu günki güne çenli Russiýa bir howp hökmünde garaýardyk, sebäbi aşa güýç ulanýardy. Indi bolsa Russiýa içerki durnuksyzlyk sebäpli bir risk hökmünde garamalydyrys" diýip belledi.