Borrell ÝB-niň Türkiýä Degişli Goldawy Berjekdigini Beýan Etdi

Borrell ÝB-niň Türkiýä Degişli Goldawy Berjekdigini Beýan Etdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell Türkiýedäki ýer titremeleri zerarly gynanç bildirip, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny we ÝB-ne agza ýurtlaryn goldaw üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.

Borrell Belgiýanyň paýtagty Brýusselde türk žurnalistlerine beýannama berdi.

6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bala barabar ýer titremelerinde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildiren Borrell; “Ýer titremesi meni çuňňur gynandyrdy. İňňän agyr tragediýa. Dostum Mewlüt Çawuşogly bilen aragatnaşykgymyz dowam edýär. Halas ediş toparlary, lukmançylyk enjamlary, elimizden näme gelýän bolsa artykmajy bilen ugradýarys. ÝB-ne agza ýurtlaryň ählisi işe girişdi” diýdi.

Özara gatnaşyklary hakynda Türkiýäni “ÝB üçin möhüm ähmiýetli hyzmatdaş” hökmünde häsýetlendiren Borrell; “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz ozalkysyndan hasam möhüm we has ynjyklaşýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi