“Borussiýa Dortmund” derwezesini Berkden berk gorap bilmedi

“Bundesliganyň” 3-nji tapgyrynda “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Werder” bilen duşuşyp, 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 3-2 asgyn geldi.Brandt (45+2) we Gerreýronyň (77) gollary bilen 2-0 öňe saýlanan “Borussiýa Dortmund” 90-njy minutdan soň 2 gol geçirdip, meýdançany ýeňliş bilen terk etdi. “Werdere” ýeňiş getiren gollary 89-njy minutda Buçanan, 90+3-nji minutda Şmidt hem-de 90+5-nji minutda Berk geçirdi.

“Bundesligada” 3-nji tapgyrda-da utulan “Baýer” topary öz meýdançasynda “Hoffenhaýmdan” 3-0 asgyn geldi. “Baýer” sanawda utuksyz ýagdaýda iň soňky orunda barýar.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
Geçen möwsümiň tersine
Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy
“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär