Borussiýa ÝÇL-iň ýarym finalynyň deslapky oýnunda PSŽ toparyny ýeňdi

Borussiýa ÝÇL-iň ýarym finalynyň deslapky oýnunda PSŽ toparyny ýeňdi

Borussiýa (Dortmund) Ýewropanyň çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda PSŽ klubuny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goly 36-njy minutda Niklas Fýullkrugyň adyna ýazyldy. Jogap oýny 7-nji maýda Fransiýada geçiriler.

Ýarym finalyň beýleki jübütinde Real we Bawariýa güýç synanyşýarlar. Olaryň arasyndaky Mýunhende geçirilen deslapky oýun 2:2 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, Borussiýa we PSŽ klublary şu ýylky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda hem duşuşypdylar. Toparçalaýyn tapgyrda Parižde geçirilen oýunda 2:0 hasabynda ýer eýeleri ýeňiş gazanan bolsa, Dortmunda bolan duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

ÝÇL-iň şu möwsümdäki finaly 1-nji iýunda Londondaky Uembli stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler
“Real Madrid”, PSŽ, “Inter” toparlarynyň pleý-offdaky garşydaşlary belli boldy
Ýewro-2024-iň 1/8 final tapgyrynyň oýunlarynyň geçiş tertibi
8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýewro-2024-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy