Formula 1 dünýä çempionatynda ýylyň 4-nji ýaryşy bolan Russiýa “Gran Prisinde” “Mersedes” toparynyň fin sürüjisi Waltteri Bottas ýeňiş gazandy. 3-nji hatardan ýaryşa goşulan Waltteri eýýäm ilkinji aýlawda 12-nji orundaky “Ferrari” pilotlary Sebastian Wettel bilen Kimi Raikkonenden ozmagy başardy. 52 aýlawy 1 sagat 28 minut 08,743 sekuntda tamamlan Waltteri Bottas karýerasyndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi.
Bottas F1-de ýeňiş gazanan 107-nji sürüji diýlip hasaba alyndy. Çekeleşikli geçen ýaryşda 23-nji orunlary “Ferrari” toparynyň sürüjileri paýlaşdylar.Bottasdan 0,6 sekunt yza galan Wettel 2-nji, 11 sekunt soň pellehanadan geçen Raikkonen 3-nji orny eýeledi.
Soňky çempion Lewis Hamilton 4-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.F1-de nobatdaky ýaryş 14-nji maýda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçiriler.
