BRIKS umumy pul girizip biler

BRIKS umumy pul girizip biler

BRIKS halkara guramasyna agza ýurtlar (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika) umumy puly girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada Bloomberg neşirine salgylanýan Eadaily.com ýazýar.

Günorta Afrika Respublikasynyň daşary işler ministriniň sözlerine görä, bu mesele agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 22-nji awgustda Ýohannesburg şäherinde geçjek duşuşygynyň gün tertibine girizilip bilner.

BRIKS guramasy dünýä ilatynyň 40 göterimden gowragyna we ählumumy ykdysady önümçiligiň üçden bir bölegine wekilçilik edýär, bu bolsa ony Ýer ýüzünde iň wajyp ykdysady bileleşikleriň birine öwürýär.

Müsüri, Saud Arabystanyny we Eýrany goşmak bilen, ýurtlaryň birnäçesi guramanyň hataryna girmäge gyzyklanma bildirýärler. Alžir döwleti bolsa golaý wagtlarda BRIKS-iň agzasy bolar.

Ýene degişli makalalar

'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Tüwiniň bahasy soňky 15 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
Bloomberg: Abu-Dabi milliarderleriň täze merkezi boldy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Malaýziýada bank müşderä ýalňyşyp, 86 million dollar geçirdi