Britan işewüri 3 mlrd ýewro Çelsini satyn almak we ýene 1,8 mlrd ýewrony stadiona harçlamak isleýär

Britan işewüri 3 mlrd ýewro Çelsini satyn almak we ýene 1,8 mlrd ýewrony stadiona harçlamak isleýär

Britan işewüri Nik Kendi Londonyň Çelsisini onuň rus eýesi Roman Abramowiçden satyn almak isleýär diýip, Daily Mail habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Kendi hyzmatdaşlary bilen bilelikde aristokratlary 2,5 mlrd funt sterlinge (3 mlrd ýewro) satyn almaga bil baglaýar. Ondan hem başga, işewür Çelsi Stemford Brij öý stadionynyň durkuny üýtgetmek üçin 1,5 mlrd funt sterling (1,8 mlrd ýewro) sarp etmäge taýýar. Kendi çagalygyndan göklere janköýerlik edýär diýip belleýärler.

The Independent-iň öň habar berşi ýaly, Abramowiç kluby amerikan-şweýsar konsorsiumyna satmakdan boýun gaçyrypdyr. Çeşmäniň habar bermegine görä, teklip rus işewüriniň göwnüne ýaramandyr. Konsorsiumyň gökleri satyn almak üçin 2,2 mlrd funt sterling (2,6 mlrd ýewro) teklip etmäge taýýardygy barada öň habar berlipdi.

26-njy fewralda Abramowiçiň kluba ýolbaşçylyk etmegi Çelsiniň haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlaryna geçirendigini ýatlalyň. 2-nji martda ol kluby satmak meýliniň bardygyny mälim edipdi. Rus işewüri aristokratlary satmakdan 4 mlrd funt sterling (4,84 mlrd ýewro) gazanmak isleýär.

Ýene degişli makalalar

Hemilton bilen Serena Uilýams “Çelsini” satyn almak taslamasyna maýa goýdular
Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar
Tuttosport 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejerini yglan etdi
Ermeni telekeçisi BAE-de 1 million dollar gazandy
Benedikt Kemberbetç Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ady ýazylan ýyldyzy alar
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi geçirildi