Britaniýanyň Konserwatorlar partiýasynyň täze başlyklygyna Kemi Badenok saýlandy

Britaniýanyň Konserwatorlar partiýasynyň täze başlyklygyna Kemi Badenok saýlandy

44 ýaşly öňki inžener-programmaçy Kemi Badenok Beýik Birtaniýada iň iri syýasy partiýanyň liderligine saýlanan ilkinji gara tenli zenan boldy.

Euronews.com portalynyň habaryna görä, ol ýurduň öňki daşary işler ministri Robert Jenrigi Britan parlamentinde 100 müň tori agzalarynyň gatnaşmagyndaky ses berlişikde ýeňmegi başardy. Ol indi partiýanyň öňki lideri we ýurduň Premýer-ministri Rişi Sunagy bu wezipede çalyşdy.

Kemi Badenok pes salgytlar, erkin bazar ykdysadyýeti ugrunda çykyş edýär we britan döwletini abatlajakdygyny söz berýär diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Euronews.com Türkmenistanyň medeni mirasy barada makala çap etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna heläkçilikli suw joşmalary zerarly gynanç bildirdi
Dünýäniň iň gowy peýniri belli boldy
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Berdimuhamedow: Türkmenistan ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär
Berdimuhamedowyň Pariž sapary Türkmenistanyň täze daşary syýasat meýillerine gabat gelýär Pannier