Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna heläkçilikli suw joşmalary zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna heläkçilikli suw joşmalary zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a ýurtda bolup geçen güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň heläkçilikleri zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz hatynda ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy, ejir çekenleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

29-njy oktýabrda Ispaniýanyň günorta-gündogarynda bolup geçen güýçli ýagyşlar Walensiýa, Kastiliýa-La-Mança we gündogar Andalusiýa sebitlerinde köpsanly pidalara we weýrançylyklara getirdi.

“Euronews” habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, 205 adam, şol sanda Walensiýada 202 adam gurban boldy.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” topary silden ejir çekenlere pul kömegini berer
Wenesuelada Ugo Çawes aradan çykmagynyň 10-njy ýylynda hatyralandy
Peruda hökümede garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ispaniýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär
Walla Kaniony
Kastelýanos XXI asyrda Realyň derwezesine poker eden ilkinji oýunçy boldy