“Real Madrid” topary silden ejir çekenlere pul kömegini berer

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ýurtda emele gelen sil heläkçiligi zerarly ejir çekenlere kömek puluny bermekçi bolýar. Ýurduň gündogar tarapynda, esasanam Walensiýa şäherinde we başga-da birnäçe sebitlerinde emele gelen bu tebigy betbagtçylyk sebäpli, köp ýerleri weýran boldy, 200-den gowrak ynsan pidasy hasaba alyndy.

Aradan çykanlaryň arasynda “Walensiýa” futbol klubunyň 28 ýaşyndaky oýunçysy Hose Kastilýehonyň hem bardygy habar berildi.

Şol sebäpli “Real Madrid” topary kömek pullaryny ugratmak kampaniýasyny ýola goýdy. Klub geçen möwsümde gazanan sap girdejiniň 6 göterimini ejir çekenler üçin berer. Madridlileriň azyndan 16 million ýewro pul kömegini ugratmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Çilide Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler
Çiliniň täze Prezidenti saýlandy
2025-nji ýylyň esasy wakalary
Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde ýaşaýyş öýi ýandy
Ispaniýa ABŞ-na boýun egmejekdigini beýan etdi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)