Çilide Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler

16-njy noýabrda Çilide geçirilen Preziden saýlawlarynda dolandyryjy çepçi güýçleriň dalaşgäri Žanett Hara we konserwatiw Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Hose Antonio Kast ikinji tapgyra çykdylar. Dalaşgärleriň hiç birisi sesleriň 50 göterimden gowragyna eýe bolup bilmänligi üçin 14-nj dekabrda guraljak ikinji tapgyrda bäsleşerler. Bu barada Çiliniň Saýlaw gullugy (Servel) mälim etdi.

Saýlaw gullugynyň maglumatlaryna görä, saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň 77,79 göterimi sanalandan soň, Hara sesleriň 26,69 göterimini, Kast bolsa 24,15 göterimini aldy. Çiliniň kanunlaryna görä, dalaşgärleriň hiç birisi birinji tapgyrda sesleriň ýarysyndan gowragyny almasa, ikinji tapgyra çykýar. Çiliniň Prezidenti Gabriel Boriç telewideniýede eden çykyşynda Ž. Harany hem-de H. A. Kasty gutlady.

-14-nji dekabrda Çili ýene-de bir gezek Prezidentini saýlar. Bu saýlawlar watanymyzyň indiki dört ýylynyň ykbalyny kesgitlär. Men Çili üçin dialogyň, hormatyň we söýginiň islendik düşünişmezliklerden has möhüm boljakdygyna ynanýaryn – diýip, Boriç aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” topary silden ejir çekenlere pul kömegini berer
Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Perunyň Prezidenti “Milli Ylalaşyk” Çagyryşyny Berdi
Portugaliýanyň aýdym-saz medeniýeti
Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi