Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde ýaşaýyş öýi ýandy

Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde ýaşaýyş öýi ýandy

Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde dört adamyň ölümine sebäp bolan ýaşaýyş öýünde dörän ýangynyň pidalarynyň hatyrasyna üç günlük matam yglan edildi. Ýangyn netijesinde 14 adamyň ejir çekendigi, 20 adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär. Ýangyn köp gatly ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň birinde tutaşdy we sanaýmaly minutlarda tutuş jaýy gaplap aldy. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Habarda tutuş binanyň bir ýarym sagatda doly ýanandygy bellenýär.

Dereksiz ýitenler gözlenilýär.

Jaýda 500 töweregi adam ýaşaýardy. Bu Walensiýanyň tutuş taryhynda iň güýçli ýangyndyr. Şäheriň meri Mariýa Hose Katala üç günlük matam yglan etdi. Ýurduň Hökümeti gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” topary silden ejir çekenlere pul kömegini berer
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
Halkara Bitaraplyk güni hem-deTäze ýyl baýramy mynasybetli Datmeni haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär
50-den gowrak jemgiýetçilik guramasy Türkmenistan babatda Moskwa mehanizmini ulanmagy ÝHHG-dan talap edýärler
Filippinlerde Rai taýfuny sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy