Britni Spirs ýatlamalar kitabyny çykarar

Amerikan aýdymçysy Britni Spirsiň öz durmuşy barada jikme-jik gürrüň berjek “Mendäki zenan” (The Woman In Me) atly ýatlamalar kitaby 24-nji oktýabrda “Simon & Shuster” neşirýaty tarapyndan neşir ediler. Şazada Garriniň awtobiografiýasyndan soň, Britni Spirsiň bu eseri 2023-nji ýylyň iň köp garaşylýan ýatlamalar kitabydyr.

Spirs kitabynda özüniň geçen şöhratly ýoly baradaky ýatlamalary paýlaşar, şeýle-de aýdym-saz karýerasy we maşgala agzalary bilen gatnaşyklary barada jikme-jik gürrüň berer. Neşirýatyň habaryna görä, aýdymçy ýatlamalaryny çap etmek hukugy üçin, takmynan, 15 million dollar alar.

“Simon & Shuster”-den başga-da beýleki iri neşirýatlar hem ýyldyz bilen şertnama baglaşmak islediler. Habar beriş serişdeleri bu şertnamany Barak we Mişel Obamanyň ýatlamalaryny hasaba almasaň “ähli döwürleriň iň uly şertnamasy” diýip atlandyrdy. ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama we aýaly Mişel Obama, öz durmuşlary baradaky kitabyny çap etmek hukugyndan 65 million dollar gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Prezidentleriň duşuşygy başlady
Tomusda okalmaly kitaplar
ABŞ-nyň iň uzyn adamy aradan çykdy
Owganystanyň häzirki ýagdaýy Russiýanyň, Hytaýyň hem ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bolan gatnaşygyny nähili üýtgeder?
ABŞ we Owganystandaky DAEŞ-dan ar alyş talaplary
9/11 ýyl dönümi: 11-nji sentýabr hüjümleri, terrora garşy global uruş we Merkezi Aziýa