BSGG koronawirusdan heläk bolýanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdi

BSGG koronawirusdan heläk bolýanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdi

Dünýäde koronawirus ýokanjyndan hassahana düşýänleriň sany ýene artýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri habar berdi diýip, Habar 24 ýazýar.

Häzirki wagtda ýokanç Ýakyn Gündogarda, Aziýada we Ýewropada işjeň ýaýraýar. Şeýle hasabat BSGG-ni biynjalyk edýär, sebäbi öňde gyş aýlary ýetip gelýändigi sebäpli ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmagy mümkin.

Şu ýylyň 30-njy awgustyndaky ýagdaýa görä, bütin dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 769 million adama, pida bolanlaryň sany tas 7 milliona golaýlady.

BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus: - Soňky maglumatlar COVID-19 ýokanjynyň hiç ýerä gitmändigini we bize öňküsi ýaly oňa garşy göreşmegiň gurallaryň zerurdygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistandaky lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri üçin okuw geçirdi
BSGG: dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpy ýokary
Prezident saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Türkmenistan BSGG-niň ýene bir güwänamasyna mynasyp boldy
Türkmen telekeçileri düýeguşlary eksport etmegi meýilleşdirýärler, Türkmenistan wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreşmek boýunça maksatlary ýerine ýetirendigi hakynda BSGG-niň Güwänamasyna mynasyp boldy, Serdar Berdimuhamedow YHG-niň 16-njy sammitine