Prezident saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Prezident saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda hünär baýramy — saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine Gutlag iberdi. Türkmenistan gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýurtda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeleri milli saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, elýeterliligi we hili yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary, hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy, 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda Aşgabatda we welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahana edaralary, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri gurlup, ýurduň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar.

Aziýanyň we Ýewropanyň dünýä meşhur öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Gazanylýan bu uly üstünlikler we ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen Saglyk Döwlet maksatnamasynyň hem-de onuň nusgalyk işleriniň, ýurtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

Bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk barha berkidilýär.Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.

Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Şoňa görä-de, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler, ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary, derman serişdeleri we öňüni alyş sanjymlary bilen elýeterli üpjün etmekde gazanylan üstünlikler Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan ykrar edilýär.

Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan Türkmenistana ýörite nyşanyň gowşurylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine ýüzlenip:

Ýene degişli makalalar

Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
Türkmen telekeçileri düýeguşlary eksport etmegi meýilleşdirýärler, Türkmenistan wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreşmek boýunça maksatlary ýerine ýetirendigi hakynda BSGG-niň Güwänamasyna mynasyp boldy, Serdar Berdimuhamedow YHG-niň 16-njy sammitine
Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty
Türkmenistan BSGG-niň ýene bir güwänamasyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
BSGG COVID-19 ýokanjynyň sebäplerini öwrenmegi dowam etmekçi
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal