BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar

BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş ylmy işgäri Jeremi Farrar COVID-19 ýokanjynyň emeli däl-de, tebigy dörändigini çaklaýar. Ol bu barada Financial Times gazetine beren interwýusynda hamala özünde üç ýyl bäri bar bolan subutnamalara esaslanyp aýtdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Baş ylmy işgäriň sözlerine görä, ol koronawirusyň gelip çykyşy bilen bagly islendik pikirleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr. Şol bir wagtda Farrar ýokanjyň gelip çykyşynyň laboratoriýadan tötänden ýaýramagy ýa-da Hytaýdaky bazarlarda satylýan haýwanlar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar.

Öň epidemiologlar koronawirusyň täze möwjemesine öňdäki güýzde garaşylýandygyny habar berdiler. Şeýle-de BSGG dünýäde koronawirusyň täze Eris görnüşiniň ýaýrap biljekdigini duýdurdy.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi