Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy

Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy

Halkara jemgyýetçiligi demografiýa we geljegi uly işçi güýji meselelerinde Afrika ýurtlaryny alga almaga borçludyr. Bu barada Bütindünýä Bankynyň prezidenti Ajaý Banga aýtdy diýip, Financial Times gazetine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

BB-niň başlygy Afrika ýurtlarynyň ýaşlaryny yklymyň geljegi uly güýji hökmünde häsiýetlendirip, olaryň Afrikanyň gülläp ösüşini üpjün edip biljekdigini nygtady. Banga şunuň bilen baglylykda, yklymyň ýurtlaryna maýa goýmaga çagyrdy.

Bütindünýä Bankynyň başlygy şeýle hem 2050-nji ýylda Afrikanyň ilatynyň dünýä ilatynyň çärýek bölegine golaýyny düzjekdigini we 2,5 milliard adama deň boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy