BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Türkmenistandaky işini tamamlady

BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Türkmenistandaky işini tamamlady

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky işini tamamlap gelýän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşler adamzadyň saglygyna howp salýan wehimler bilen göreşmekde möhüm orny eýeleýän BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.Türkmen tarapy hanym Karwowska Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine, şol sanda milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine goşan şahsy we hünär taýdan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Öz adynda aýdylan mähirli sözler we arzuwlar üçin sag bolsun aýdyp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy özüniň ynsanperwer işiniň ýerine ýetirilmeginde beren goldawlary üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-i BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň we BSG-niň täze wekilleri bilen duşuşdy
BSG-nyň Türkmenistandaky täze direktory ýurdy temmäki ulangmagy düzgünleşdirmekde öwdi
28.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn Asyr Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaý bilen tanyşdy
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
23.09.2019 | Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar