BSGG: Ýewropada howply ýokançlary ýaýradýan çybynlar peýda boldy

BSGG: Ýewropada howply ýokançlary ýaýradýan çybynlar peýda boldy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Ýewropada çybynlaryň täze görnüşiniň peýda bolandygyny habar berdi, olar howply ýokançlary ýaýradýarlar diýip, BSGG-iň saýtyna salgylanýan Tengrinews.kz ýazýar.

Guramanyň maglumatlaryna laýyklykda, denge gyzzyrmasy, Zikiň gyzzyrmasy we çikungunýa ýaly ýokanç keselleri ýaýradyjy Aedes diýlen çybynlaryň görnüşi günorta Ýewropada has köp duşup başlady.

Ýewropa ýurtlarynda ýaz-tomus aýlary howanyň gyzmagy netijesinde bu howply çybynlaryň sany artýar.

BSSG aýratyn hem Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň ýa-da Horwatiýanyň ilatynyň howp astyndadygyny duýdurýar. Hünärmenler gije işjeňleşýän gyzzyrma çybynlaryndan tapawutlylykda, Aedes çybynlarynyň gündizlerine hem adamlara hüjüm edýändigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Eýran: "ABŞ bilen başdan geçirilen çaknyşyklarda Ynkylap goragçylaryndan 9 esger ýogaldy"
Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder
Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar
Happy Childhood
Indoneziýadaky sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artýar