Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder

Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder

Gazagystan özüniň Russiýa Federasiýasy bilen umumy bolan halkara telefon aragatnaşygynyň +7 belgili açaryny üýtgeder, mundan beýläk ýurduň resmi açary +997 belgiden ybarat bolar. Bu barada Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin “Facebook” sahypasynda habar berdi.

“Oňat habar! BMG-niň elektrokommunikasiýalar boýunça Halkara bileleşigi Gazagystan üçin +997 belgili täze açary hasaba aldy” diýip, ol ýazdy. Musin +7 açarynyň Sowet Soýuzy dargandan soň birbada Russiýa we Gazagystana berlendigini ýatlatdy.

“Tengrinews.kz” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Gazagystan täze milli açary ulanmaga 2023-nji ýylyň ýanwaryndan girişer. Şu döwürde köne açar hem iki ýyllap deň ulanylar. Täze telefon açaryna 2025-nji ýylda doly geçiler.

Öň Gazagystanda prokatdaky ähli filmleri gazak diline terjime etmek barada hökmany düzgüniň giriziljekdigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
Braziliýada dünýäde emeli aň tarapyndan düzülen ilkinji kanun kabul edildi
Indoneziýada Ýer Titredi
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almakçy
Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär