Braziliýada dünýäde emeli aň tarapyndan düzülen ilkinji kanun kabul edildi

Braziliýada dünýäde emeli aň tarapyndan düzülen ilkinji kanun kabul edildi

Braziliýada dünýäde neýroulgam tarapyndan düzülen ilkinji kanun güýje girdi diýip, The Sun gazetine salgylanýan Tengrinews.kz habar berýär.

Portu-Alegri şäheriniň geňeşiniň agzasy Ramiro Rosario raýatlary suw üçin has ýokary töleglerden goramaga mümkinçilik berjek iki maddadan ybarat kanuny taýýarlady. Kanun ähli düzedişler girizilenden we ara alnyp maslahatlaşylandan soňra ses berlişik arkaly kabul edildi we şäheriň häkimi tarapyndan tassyklandy.

Diňe şondan soň Rosario kanunyň ChatGP neýroulgamy tarapyndan işlenip düzülendigini boýun aldy.

Ol şeýle-de kanun taslamasyny taýýarlamak üçin birnäçe minudyň ýeterlik bolandygyny gürrüň berdi, kärdeşleriniň nägileligine bolsa, emeli aňyň kömeginden peýdalanmagy gadagan edýän hiç hili kanunyň ýokdugyny tutaryk edindi.

Rosario emeli aňa kanun taslamasynyň maksadyny salgy berendigini, neýroulgamyň sähel wagtda garaşylanyndan hem gowy kanun taslamasyny işläp düzendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi
Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almakçy
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
Plasido Domingo Dimaş Kudaýbergene bilelikde aýdym aýtmagy teklip etdi