Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almakçy

Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almakçy

Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almak isleýär diýip, Tengrinews.kz habar berýär.

Habarda Gyrgyzystanyň Gazagystandan güýz-gyş möwsümini geçmek üçin 1,5 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny satyn almak isleýändigi bellenýär.

Gyrgyzystanda bu ýyl elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi 3,2 milliard kilowatt-sagady düzýär. Elektrik togunyň senagat we hojalyk maksatly ulanylmagynyň artmagyndan ötri, ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişi hem pese gaçdy.

Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew sentýabrdan 1-nji aprele çenli Gazagystanyň 1,5 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün etjekdigini habar berdi.

Öňdäki gyşyň sowuk gelmeginden ätiýaçlanyp, ilat üçin geçen ýyldaky ýaly, energiýa sarp edilişinde çäklendirme giriziler.

Gyrgyzystan her ýyl takmynan 14 mlrd kWt/sag elektrik energiýasyny öndürýär. Emma sarp edilişiň möçberiniň ýokary bolany üçin, ýetmezçiligi importyň hasabyna ýapýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
Braziliýada dünýäde emeli aň tarapyndan düzülen ilkinji kanun kabul edildi
Indoneziýada Ýer Titredi
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär