Bu gezek altyn medal gazandy, ýer eýeleriniň ilkinji Olimpiýa çempionlygy

Sportuň 3 görnüşini ýüzmegi, welosporty hem-de ylgamagy özünde jemleýän triatlonda ýeňijiler belli boldy. 2000-nji ýylda maksatnama girizilen triatlonda erkekleriň arasynda Beýik britaniýaly Aleks Li pellehana 1 sagat 43 minut 33 sekuntda gelip, altyn medaly eýeledi.

Ol Täze zelandiýaly Haýden Waýlddan 6, fransiýaly Leo Beržerden 10 sekunt öňe saýlandy.Li Tokioda kümüş, Waýld bolsa bürünç medal gazanypdy.Bu soňky 4 Olimpiadada britaniýaly triatlonçylaryň 3-nji çempionlygydyr.

Zenanlaryň arasynda ýer eýeleri Fransiýadan Kassandra Borgan ýaryşy 1 sagat 54 minut 55 sekuntda tamamlap, altyn medala mynasyp boldy. Ol bu ugurda Fransiýa Olimpiýa altyn medalyny gazandyran ilkinji triatlonçy hökmünde bellige alyndy. Şweýsariýaly Žuli Derron 2-nji, britaniýaly Bet Potter 3-nji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Gazanyň Ilatynyň 40 Göterimi Açlyk Howpuna Sezewar
Maryda tok kesilýär, adamlar jokrama yssyda kösenýär
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Ysraýylly esgerleriň Gazadaky ýitgileri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär