Budapeştde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi

Budapeştde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi

25-26-njy aprelde Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ulag boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogar-Günbatar Hazarüsti halkara geçelgesi boýunça ulag-üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek, ýük daşamalary amallaryny sanlylaşdyrmak, multimodal arabaglanyşygy oňaýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada HHM ýazýar diýip, centralasia.news habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy Batyr Annaýew gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Ýewraziýa üstaşyr ýük daşamalary ulgamyny döretmekde ýurduň çäk taýdan artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmelere ünsi çekdi.

Bu port ýylda 17 mln tonna ýük geçirijilik mümkinçiligine eýe bolup, sebitde zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerini işlemäge ukyplydyr. Ýük daşamalary Türkmenbaşy Hazarýaka döwletleriň portlary ugry boýunça yzygiderli amala aşyrylýar.

Şeýle hem duşuşykda 2018-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi (TULM) açyk görnüli paýdarlar jemgyýetriniň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Merkez Hytaýyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we beýleki döwletleriň hususy kärhanalary hem-de hojlayk jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we amatly logistika çözgütlerini işläp taýýarlamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB resmisi Hazarüsti taslamasy babatynda täjirçilik we bazar bähbitleriniň ähmiýetine ünsi çekýär
Siýýarto: Geçirijilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan 300 kilometrlik turbageçirijini gurmak zerur
Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazaryndaky orny Turkmenportalyň awgust seljermesi
Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler