Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi

Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi

Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýrese düşen harasat şäheriň esasy nyşanlarynyň birini Floralis Genérica mehaniki gülüni döwdi diýip, TASS habar berdi.

Arhitektor Eduardo Katalano tarapyndan poslamaýan polatdan we alýuminden ýasalyp, şähere sowgat berlen Floralis Genérica 2002-nji ýylda bina edildi. Beýikligi 20 metr, agramy 18 tonna bolan gül şekili ýörite gidrawliki ulgamyň kömegi bilen her gün açylyp ýapylmalydy, emma soňky ýyllarda gurluşyna zeper ýetmegi bilen baglylykda, ol kä açylan, kä ýapyk ýagdaýda hereketsiz galýardy.

Güýçli harasat netijesinde, indi äpet gülüň ýapraklarynyň biri döwlüp, ýere gaçdy.

Gara ýel Buenos-Aýresde ýüzlerçe agaçlary ýykdy, paýtagtyň howa menzilleriniň biriniň işi togtadyldy. Sebitde otlularyň hereketi bozuldy, binalaryň üçeklerini ýel äkitdi, ýarym milliona golaý adam elektriksiz galdy diýlip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Rowaýaty futbolçy Diego Armando Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy
Maradona aradan çykdy
Diego Maradona aradan çykdy