Rowaýaty futbolçy Diego Armando Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy

Rowaýaty futbolçy Diego Armando Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy

Argentinaly futbolçy hem-de tälimçi Diego Maradona aradan çykdy. Bu barada onuň metbugat sekretary habar berdi. Ýerli metbugatyň habaryna görä, ýakynda beýni operasiýasyny geçiren 60 ýaşly Maradona birden öýünde özüni erbet duýup başlapdyr. Elinde baryny eden lukmanlaryň tagallasy ony halas edip bilmändir diýip, Euronews ýazýar.

Maradona 2-nji noýabrda Argentinanyň La Plata şäherinde ganazlyk hem-de bedende suw ýetmezçiligi sebäpli keselhana ýerleşdirildi.Bu ýerde ol ýerli kluba tälimçilik edýärdi.Soňra bolsa Maradona Buenos-Aýresiň etegindäki hususy klinika geçirildi we şol günüň ertesi operasiýa edildi. 11-nji noýabrda sagalmagyny öýünde dowam etdirmegi üçin keselhanadan çykaryldy.

Maradonany bejerýän lukmanynyň pikiriçe, operasiýadan soňky döwürde onda alkogolly içgileri we uky dermanlaryny aşa köp içmek bilen baglanyşykly abstinasiýa sindromy ýüze çykypdyr.Diego Maradonanyň jany ozal hem birnäçe gezek howp astyna düşüpdir. 2000-nji ýylda ol Urugwaýyň deňizýaka Punta del Este şäherinde ýürek keselinden ejir çekipdir we Kubada uzak wagtlap bejergi alypdyr. 2004-nji ýylda onuň ýürek keseli ýene gozgapdyr. 2007-nji ýylda aşa köp spirtli içgileri ulanmagyň netijesinde keselhana ýerleşdirildi.

Diego Maradona soňky gezek hassahana ýerleşdirilmezinden ozal, 30-njy oktýabrda, 60 ýaşynda, pandemiýa sebäpli ýüze çykan karantin çärelerine garamazdan, La Plata şäherinde öz klubuny türgenleşdirmegi talap etdi. 2000-nji ýylda FIFA boýunça "Asyryň oýunçysy" baýragyny braziliýaly Pele bilen paýlaşdy. 1986-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Maradona Angliýanyň derwezesine bir gol geçirdi. Şol gol soň-soňlar "Asyryň goly" diýlip atlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Peläniň futbol karýerasy
FourFourTwo neşiri taryhda iň gowy futbolçynyň adyny mälim etdi
Türkmenistanyň raýatlarynyň MGIMO girmek baradaky arzalarynyň kabul edişligi açyldy, Türkmenistan Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler we beýleki habarlar
Maradonanyň aýakgaplary älem giňişligine iberiler
Seria A: Milan Napolini myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi
Älem giňişligine iberiler